SOŇKY HABARLAR
“AKINA-ANDHOÝ” DEMIR ÝOL LINIÝASY IŞE GIRIZILDI
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ý...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERI BILELIKDÄKI INFRASTRUKTURA DESGALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDYLAR
Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçrijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZY DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýat...
TARYHY-MEDENI MIRAS – MILLETIŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ BINÝADY
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna--taryhy senä bagyşlanyp, geçen ýylyň ähli...
TÜRKMEN-HINDI SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we ha...
“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda—Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkm...