SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda oba hojalygyň we oba ýerleriň durnukly ösüşine goldaw — (SARD III)” atly taslamasynyň çäklerinde “Ýyladyşhanalarda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek hem-de ýyladyşhana hojalygyny dolandyrmagyň esasy ugurlary” diýen mesele boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Bu ugur milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir. Agronom-hünärmenler hem-de ýyladyşhana hojalyklarynyň wekillerini, şeýle hem taslamanyň bilermen...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ MILLI BÖLEKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 25-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisi...
TÜRKMENISTAN SEBIT WE GLOBAL EKOLOGIÝA MESELELERINIŇ ÇÖZGÜDINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
?Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki özara hereketleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden m...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 13-NJI MEJLISINIŇ BARŞYNDA ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Da...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekille...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradak...
PAKISTANYŇ SARHAD SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Peşawar şäherindäki Sarhad Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sherbaz Ilyas Ghazanfar Bilouryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem “Baky Bitarap Türkmenistany...