SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hormat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...
BINAGÄRLIK WE GURLUŞYK SANLY YKDYSADYÝETE GEÇIŞ DÖWRÜNDE
?Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Şähergurluşyk özgertmeleri döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Žurnalyň nobatdaky sany sport...
KONSERTMEÝSTERLER USSATLYGYNYŇ TÄZE ÝYL KONSERTI
Täze, 2021-nji ýylyň öň ýanynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly we konsertmeýster ussaltygy kafedrasynyň talyplary konsert berdiler. Ol Juzeppe Werdiniň «Trubadur» operasyndan Azuçenanyň aýdymy bilen açyldy. Ony pianinoçy Agabaý Muhammetberdiýewiň sazandarlygynda Tylla Saryýewa özüne mahsus usulda duýgylaryny gaýgyrman ýerine ýetirdi, ol aýdymynda gahrymanynyň hyjuwyny beýan etdi. Tylla üç eseri ýerine ýetirdi, olar duýgylar stilistikasy babatda bir-bi...
OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRIJILERIŇ EKSPORT MÜMKINÇILIGI ARTÝAR
Balkanabat şäherinden telekeçi Halmämmet Amanmämmedow öz ýyladyşhana hojalygyndan 64 tonna pomidor ýygdy. Ýokary hilli önümiň 50 tonnasy Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň ýapyk toprakdan alan ilkinji hasylydyr we önümi daşary ýurda ilkinji gezek ugradyşydyr. Şu ýylyň oktýabrynda balkanly telekeçi Uly Balkanyň dag eteginde ýylboýy islendik oba hojalyk ekinini ýetişdirip bolýan iň täze köpugurly ýyladyşhanany işe giri...
HUSUSY DÜKANLARYŇ SANY ARTÝAR
Täze ýylyň öň ýanynda Daşoguzda telekeçä degişli «Elektronika dünýäsi» dükany açyldy. Iki gatly täze bina S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Al-Horezmi geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýär, ol köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda boş ýatan ýerde guruldy. Giň we ýagty söwda zallarynda iri hem-de ownuk durmuş enjamlary, daşary ýurtlaryň hem-de ýerli belli önüm öndürijileriň dürli ähmiýetli durmuş elektronikasy enjamlary goýlan. Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde hususy eýeçilikdäki d...
TÜRKMENISTAN TÄZE ÝYLY GARŞYLAÝAR – ÝURDUMYZYŇ BAŞ ARÇASY ÝAŞ MYHMANLARY GARŞYLAÝAR
Şu gün Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar. Däp boýunça myhmanlary Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk garşylap, olary ertekiler şäherjigine gezelenç...