SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkm...
BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA ÝOLLAN ÝÜZLENMESI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...
«TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ BARŞYNDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady. Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasyn...
TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn formatynda duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2020-nji ýylda amala aşyrylan bilelikdäki...
GURBANNAZAR EZIZOWY HATYRALAP: BAHAR YLHAMY
Daragtlar pyntyk ýaryp, näzik güller köňül joşdurýan baharyň ilkinji güni – 1-nji martda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow dünýä inipdi (1940-1975 ýý.). Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan şahyrynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi... Eýýäm güneş batypdyr. Aý-da agyl atypdyr. Garagolja Serdarym Süýji uka batypdyr. Şu gün Aşgabadyň 21, 132 we 134-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçyla...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Allaýewa Güljahan Kentowna, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanym...