img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Dek

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARYNYŇ 2020-NJI ÝYL BOÝUNÇA NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň şu ýyl boýunça jemlerine we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly brifingi geçirildi.   Brifinge sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatna...

DOWAMY
pic
17 Dek

RESMI HABAR

Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
17 Dek

TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ JEMLEÝJI BÖLÜMINDE SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLAR ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili...

DOWAMY
pic
17 Dek

TÜRKMENISTAN WE BELGIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Belgiýanyň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan K...

DOWAMY
pic
17 Dek

AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýetleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energe...

DOWAMY
pic
16 Dek

«TÜRKMENFILMIŇ» ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN PREMÝERALARY

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çeper filmiň nobatdaky premýerasy görkezilişe taýýarlanyldy. «Durmuş kyssalary» atly filmde häzirki döwrümiz, Garaşsyz Bitarap döwletimiziň gazananlary, ýaşlar üçin okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berilýär. Bu tema ýaşlaryň üçüsiniň durmuşy barada gürrüňiň mysalynda açylyp görkezilýär. Şahyr, türgen we fizik-matematik -- bir-birine aýrylmaz wepal...

DOWAMY
pic
16 Dek

HOWDANA ILKINJI MILLIARD KUB METR SUW TOPLANDY!

Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanyna gyşky suw toplamak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. TDH-nyň habarçysyyna emeli kölüň direksiýasynda gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda howdana Amyderýanyň her sekuntda 250-260 kub metr suwy ýygnalýar. Şu güne çebli emeli howdandaky tenekar suwuň gory 1,2 milliard kub metre ýetdi. Amyderýanyň suwy bu ýere ini 120 metr we uzynlygy 40 kilometrden gowrak iri sepleýji kanaldan g...

DOWAMY