RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Noý

MINISTRLER DEREJESINDE GEÇEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN TARAPY GLOBAL HOWPSUZLYGYNYŇ BITEWILIGINIŇ WE BÖLÜNMEZLIGINIŇ ÝÖRELGELERINE EÝERMÄGE ÇAGYRDY

Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow köpugurly hyzmatdaşlygyň sebit hem-de global gün tertibiniň has derwaýys meseleleri babatynda ileri tutulýan milli ýörelgeleri beýan etdi.  Hususan-da, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal beýan edilen, howpsuzlyga, onuň bölünmezligi bilen häsiýetlendirilýän bitewi, tutuş aýratynlyk hökmünde seredilmegi...

DOWAMY
pic
17 Noý

TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI 16-NJY DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Jozep Borelliň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün tertibine girizilen iki mesele, has takygy ÝB-niň...

DOWAMY
pic
16 Noý

BAŞ DRAMA TEATRY: BAGTY GELEN ŞEMŞAT KASYMOWA

Belli dramaturg Bazar Amanowyň çowlugy Şemşat Kasymowa A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň çagalara niýetlenip goýlan spektakllarynyň birinem sypdyrmazdy. Ol aýratynam gahrymanlary owadan we mähirli gyzlar bolan ertekileri gowy görerdi. Şemşat spektakllardan soň keşbi özüçe oýnap görerdi. Ýöne ol bu syryny hiç kime aýtmazdy. Şonuň üçinem Şemşat mekdebi tamamlandan soň Medeniýet institutynyň aktýorlyk fakultetine girmekçidigini aýdanda ata-enesi haýran galypdy. Agtygyny enesi – Baza...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we Bahreýniň doganlyk halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15118

DOWAMY
pic
16 Noý

AŞGABATDA ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ IŞJEŇLERINI SARPALAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň işlerine ýokary baha berip, olaryň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandyklaryny aýdýar. Milli Liderimiz ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni-aňyýet, beden taýdan ösüşine, mynasyp bilim almagy hem-de sazlaşykly terb...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISINI KABUL ETDI

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyz...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ITALIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önje...

DOWAMY