SOŇKY HABARLAR
DOKMA MATALARYŇ ORNUNA -- DOKALMAÝAN MATALAR
?Тürkmen Senet» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matadan – spanbonddan tikilen harytlar firma dükanyny açdy. Bu ýerde täze görnüşli sintetiki matalary çykarmak ýola goýlan kärhananyň tikinçilik sehiniň önümleri satylýar. Kuwwatlylygy ýylda 2,5 müň tonna önüm çykarmaga niýetlenen zawod daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýurdumyzda ýola goýmak maksatnamasynyň çäklerinde dokalmaýan mata üçin çig mal hökmünde süýüm döredýän polimerleri, hususan-da, Türkmenbaşynyň NGIZ...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky missiýalaryň hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň diplomatik korpus...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan, Maltadan, Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri polietileni we su...
MILLI LIDERIMIZ HALKARA ÝUBILEÝ MASLAHATYNA GATNAŞDY
Şu gun paýtagtymyzda“Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat başl...
“BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE ÄHMIÝETI” HALKARA MASLAHATYNYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde guralan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar, Birleşen MIlletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine özleriniň ygrarlydygyny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny hem-de maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli d...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA MASLAHATDA EDEN ÇYKYŞY
Hormatly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Öňi bilen, sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisinde mübäreklemäge rugsat ediň. Size bu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri...
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJESI - AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti" atly Halkara maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşylan bu ägirt uly waka, Türkmenis...