RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...

DOWAMY
pic
30 Okt

AŞGABATDA MEDENIÝET ULGAMYNYŇ TÄZE BINASY IŞE GIRIZILDI

Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli h...

DOWAMY
pic
30 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly ykdysady işini goldamak» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde taslamanyň iş toparynyň jemleýji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, pudaklaýyn hem-de hukuk guralyny kämilleşdirmek boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilen işiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Oba hojalyk we...

DOWAMY
pic
30 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan onlaýn duşuşyga IOI-niň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gu...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTAN DÜNÝÄNIŇ IŇ HOWPSUZ ÝURDY HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

?Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýykly...

DOWAMY
pic
30 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW LOGISTIKA MERKEZINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, äg...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emomali Rahmona onuň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Täjigistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15054

DOWAMY