SOŇKY HABARLAR
LONDONDA TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň – sebitdäki durnuklylygy we halkara howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň hem-de Halkara Deňiz guramasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, aspira...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY WE HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI YSLAMABAT ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN SERGI
2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Yslamabat Naqashee Art Galereýasy bilen bilelikde guramagynda Yslamabat şäherindäki Marriott myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Art for Neutrality and Peace” atly surat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Pakistan Yslam Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň bi...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ALYMLARYŇ TEGELEK STOL MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkiýäniň alymlarynyň, syýasatşynaslarynyň we edebiýatçylarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly tegelek stol maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly M...
RESMI HABAR
“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resm...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi. Daşary işler ministrligine Adalat...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi. Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi b...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy; Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin...