RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Sen

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän...

DOWAMY
pic
15 Sen

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň gatnaşmagynda geçirilen wideoduşuşyk tertibindäki maslahatda COVID-19 pandemiýasy mahalynda maglumatlary netijeli ýaýratmagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan Bitarap Türkmenist...

DOWAMY
pic
15 Sen

WITAMINLI EKARANÇYLYK: ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA AK NOÝBA ÖNDÜRILIŞI ARTDYRYLDY

Daşoguz welaýatynda kösükli ösümlikler maşgalasyndan ak noýbanyň meýdany giňeldildi. Ýerli kärendeçileriň arasynda gabygy ýuka we üsti gara nokatly «Garagöz» sorty has meşhurdyr. Tebigy şertlere dannawsyz bu bir ýyllyk kösükli ekin guraklyga çydamly, çägelik ýere gowy uýgunlaşýar we zelel beriji mör-möjeklere hem-de kesellere durnuklydyr. Gysga wagtda ýetişýän noýba aralyk ekin hökmünde ulanylýar. Noýba topragy azoda baýlaşdyrýar, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. S.A. Nyýazow adyndaky etrap...

DOWAMY
pic
15 Sen

TÜRKMENABADYŇ SAZLY-DRAMA TEATRYNYŇ DÖREDIJILIK TOPARY TÄZE OÝUN GOÝDY

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary «Watan jandan ileri» atly oýny sahnalaşdyrdy. Döredijilik topary göwrümli çeper konsepsiýaly sahna eserini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlady. Dramaturg D. Agalyýewiň pýesasy esasynda oýny belli teatr režisýory Perhat Hudaýberenow goýdy. Oýunda watanperwerlik we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary temasy utgaşdyrylýar. Onda esasy keşpleri Türkmenistanyň halk artisti A. Suhano...

DOWAMY
pic
15 Sen

«KIÇI GALA» KOMPANIÝASY POLIMER ÖNÜMLERIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝAR

Türkmenabat şäherinde hereket edýän «Kiçi Gala» hojalyk jemgyýeti polimer önümleriň täze tapgyryny eksporta ugratdy. Kompaniýanyň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Önümçilik üçin çig mal Gyýanlydaky zawoddan alynýar. Ugurdaş döwrebap enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana 2 ýylda çykarýan önümleriniň görnüşini ep-esli artdyrdy we daşarky bazarlara çykdy. 2019-njy ýylda kompaniýa Gazagystana, Russiýa, Ukraina, Özbegistana poli...

DOWAMY
pic
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaş...

DOWAMY
pic
13 Sen

MILLI LIDERIMIZ WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir. Ine, şu gün hem milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag etek...

DOWAMY