SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGAN HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek...
TÜRKMEN OKUWÇYLARY ONLAÝN-OLIMPIADALARDA ŞOWLY ÇYKYŞ ETDILER
Sanly tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösmegi netijesinde ýaşlarda dürli derejedäki uzak aralykdan aň-paýhas ýaryşlaryna gatnaşmaga isleg artýar. Munuň şahsyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bar, çünki ylmy-tehniki innowasiýalaryň web-platformalarynyň elýeterligi, gaýry ýurtlardaky deň-duşlary bilen tejribe we bilimlerini alyşmaga mümkinçilik, saýry çözgütleri gözlemek gözleglere höwes döredýär, döredijilik hem-de ylmy pikirlenme ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär. Şu ýylyň tomsun...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA ŞAHYR AMANGÖZEL ŞAGULYÝEWANYŇ 80 ÝAŞYNYŇ DOLMAGY MYNASYBETLI DABARA BOLDY
Şu gün Aşgabatda tanymal şahyr, Türkmenistanyň Gahrymany, ýurduň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara boldy. Amangözel Şagulyýewany gutlamaga kärdeşleri, tanymal medeniýet we KHBS işgärleri gelipdirler. Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýubilýara gutlag haty okaldy we oňa döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgady, gül dessesi gowşuryldy. Türkmenistanda Amangözel Şagulyýewa...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK HÄZIRKI WE GELJEKKI NESILLER BARADA ALADADYR
Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy mes...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi barada bellediler. Soňra Hindistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlar...
TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY AMANGÖZEL ŞAGULYÝEWA
Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli edebiýatymyz mazmun taýdan düýpli öwrülişigi başdan geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, ýurdumyzyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýa...
«MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global d...