SOŇKY HABARLAR
HARKOW ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Harkow şäherinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2020-nji ýylyň «Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we «Harkow politehniki instituty» Milli tehniki uniwersiteti bilen bilelikde Harkow şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň açylyş dabarasynda ýoka...
MINSKDE GDA-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Minskde GDA-nyň ştab kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Belarus Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ioanna Ka...
ŞANLY SENÄNI ÖZBEGISTANLY DOSTLARYMYZ BILEN BILE BELLEÝÄRIS
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda BMG-nyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul etmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Daşkendiň ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistanda kowçum...
TÜRKMEN TALYPLARY BAE-NIŇ ILÇIHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDYLAR
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla al-Haşeminiň wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Şonuň yzysüre, 20-nji noýabrda diplomat hormatly myhman hökmünde Türk...
MILLI LIDERIMIZ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINI GEÇIRDI HEM-DE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMYNY AÇDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalygy toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzyň giň möçberli şähergurluşy...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMEN KHBS-NIŇ WEKILLERI ÝHHG-NYŇ HOWANDARLYGYNDA GEÇIRILÝÄN WEBINARA GATNAŞDYLAR
19-njy noýabrda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi daşary ýurtly bilermenleriň türkmen KHBS-niň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ençemesiniň wekilleri üçin täze onlýan-duşuşyk gurady. Seminaryň «Kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary we olary sanly maglumatlar bazarynyň özboluşlylygyny göz öňünde tutup ulanmak» temasy maglumatlary alyşmaga, ony ilerletmäge we ulanyjylar bilen gatnaşyk saklamaga gyzyklanýanlara täze iş usullaryny açyp görkezdi. Ilki bilen žurnalist Wadim M...