SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekow BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideo...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDAN DUNAÝYŇ KENARLARYNA ÇENLI WIDEOKÖPRI
Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda ynsanperwer ugruň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berer. Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan meden...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpsanly şäher ilaty gatnaşdy. Birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bol...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY DÜRLI ÝURTLARYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Lançžou uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Çäräniň başynda, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda şanly 25 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan...
ONUŇ ALYHEZRETI, TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI JENAP GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Oňa mahsus bolan ýokary şahsy häsiýetleri özüniň ýokary wezipesini ýerine ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň hormat-sarpasyna hem-de ynamyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoş...