SOŇKY HABARLAR
LOGISTIKA ULGAMYNDA DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN GATNAŞYK ETMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHATLAR GEÇIRILDI
Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şu iş toparynyň döredilmegi we transmilli ulag geçelgesini ösdürmek boýunça gepleşikleriň başlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Liderleriniň şu ýylyň...
ÝOKANÇ KESELIŇ ÖŇÜNI ALMAKDAKY UMUMY ÝAGDAÝ WE TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI BARADAKY BRIFING
Şu gün ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasy bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýiti ýokanç keseliň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça häzirki ýagdaýyň syny meselesi boýunça brifing geçirdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyk etmek hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY GURBAN BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň M...
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
METBUGAT-RELIZI
2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän maglumat beýan edilýär. Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidromet...
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi. Halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary hakynda gürrüň berýän ozalky makalamyzda şu güne çenli Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur düzümiň we şe...
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WIDEOROLIK ÝAPONIÝANYŇ MIÝAZAKI ŞÄHERINIŇ BAŞ MEÝDANÇASYNYŇ EKRANYNDA
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär. Şu ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda bu wajyp senä bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Şunlukda, 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyndan başlap, Ýaponiýanyň Miýazaki prefekturasynyň Miýazaki şäherinde ýerleşýän Içibangaý meýdançasynyň uly ekranynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada w...