SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Söwdalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 659 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Ermenistan...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 17-18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy. Bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, gender deňsizliginiň aradan aýrylma...
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 1271-nji buýrugy bilen okuwa kabul etmegiň bellenen möhletini uzaldyp, ony 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda tamamlamak; Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14600
YLYM ADAMLARY: KITAPLAR DÜNÝÄSINIŇ ADAMY
Soňky ýarym asyrda Türkmenistanda kitaphana işiniň medeniýetindäki düýpli özgertmeleriň ählisi bu adamyň ady bilen baglanşykly. Baryp sowetler döwri türkmen halkynyň taryhy geçmişi, hususan-da pederlerimiziň gadymy we orta asyr hat ýazuw hem-de kitap medeniýeti bilen baglanşykly tutuş meseleler ulgamynyň daşyndaky unudylma berk diwaryny böwsen, bu medeniýetiň gözbaşy hökmünde Awesta üns beren, arap elipbisindäki ýok saýylan türkmen daşbasma kitaplaryny gaýtaryp beren batyrgaý taryhçy Almaz Berdi...
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwreba...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI WE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar...