RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýul

TELEKEÇILIGE DÖWLET GOLDAWY BAZAR YKDYSADYÝETINI ÖSDÜRMEGIŇ ŞERTIDIR

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi. Milli Liderimiz telekeçilige goldaw bermegiň içerki syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini tassyklap, anyk maksatlary öňde goýdy. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we onda hususyýetçilik pudagynyň...

DOWAMY
pic
16 Iýul

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÜRKMENISTANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERINI GOLDAÝAR

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we Ç.Aýdarbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. T...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI BIRINJI DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ug...

DOWAMY
pic
15 Iýul

DYNÇ ALYŞ ZOLAGY WE WETLAND-SEÝILGÄH: «ALTYN KÖLÜŇ» GELJEGINE ALYMYŇ GARAÝŞY

Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky «Altyn köle» baryp gördi, eýýäm 15-nji iýunda bolsa döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda dynç alyş düzüminiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Kölüň töweregindäki ýerleri tapgyrlaýyn köpugurly döwrebap dynç alyş zolagyna öwürmegiň barşynda kottejler, söwda merkezleri, ýaht-klub, myhmanhanalar, fitnes-zallar, ýapyk we açyk howdanlar, restoranlar, çagalar oýunlary meýdançalary,...

DOWAMY
pic
15 Iýul

ILATYŇ SAGLYGYNYŇ BÄHBIDINE: ÖŇÜNI ALYŞ WE GORAG ÇÄRELERI

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Häzir tutuş adamzatda uly alada döredýän ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çäginde ýaýramagynyň öňüni a...

DOWAMY
pic
15 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ZÄHMET RUGSADY WAGTYNDA BALYK TUTMAK BILEN MEŞGULLANDY

Şu gün dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkidilmegine bolşy ýaly, onuň ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Daşky gurşawy...

DOWAMY