SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaş...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gutlag hatyny iberdi. Onda 29-njy iýunda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi we onuň dowamynda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça umumyrussiýa ses bermegi üstünlikli geçirmegi arzuw edendigi mähir bilen ýatlanylýar. «Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Ses bermegiň n...
RESUL GYLYJOW - ORKESTR, DÖREDIJILIK WE ÖZI IHAKDA
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Men okyjylarymyzyň adyndan ussadyň özüni we onuň ýolbaşçylyk edýän döredijilik toparyny gutlamak üçin onuň bilen duşuşdym. - Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri 2007-nji ýylda döredildi. Onuň ilkinji ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Oraz Berdiýewiň baştutanlygynda milli opera sungatynyň iň güýçli eserlerini gaý...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELÄNI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler. Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...
TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇ TARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...
TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDAKY EKSPORT-IMPORT MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrah...