SOŇKY HABARLAR
ÇÖREK DIŇE BIR MÖHÜM IÝMIT BOLMAN, EÝSEM, TEBIGATYŇ YNSANA BEREN MUKADDES PEŞGEŞIDIR
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Orak möwsüminiň netijeleri ekerançylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşandy hem-de şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine mynasyp sowgady boldy. Daýhanlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat be...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özarahereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNYŇ BERKIDILMEGI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdir...
TÜRKMEN-NORWEGIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Ole Ýohan Býernoý we Norwegiýanyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-norwegiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeg...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SENAGAT TOPLUMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Söwda senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilgi ministrliginiň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bell...
GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
GDA-NYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GENEŞINIŇ ÝÖRITE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça XXXI ýörite mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Duşuşygyň gün tertibi Arkalaşygyň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça möhüm meseleleriniň birnäçesini öz içine aldy. Mejlisiň başynda taraplar GDA gatnaşyjy döwletlerinde täz...