SOŇKY HABARLAR
WEBINARYŇ TEMASY – BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAK BOÝUNÇA ÄDIMLER
Türkmen paýtagtynda ÝHHG-nyň guramagynda «Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) azgalygyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňagramlylygy» temasyndan üç günlük onlaýn-seminar öz işine başlady. Çäre BSG-a agza bolmak üçin gepleşikleri geçirmekde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribesi bilen tanyşdyrmagy, şeýle hem milli söwda syýastyny kämilleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Çärä ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleri, şeýle...
DUTARYŇ TEREŇ OWAZY...
Milli saz gurallary – medeni mirasyň uly ähmiýetli bölegidir. Olar maglumatlaryň gymmatly gatlagyny özünde jemläp, aýdym-saz ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň we ösüşiniň gözli şaýadydyr. Milli saz gurallarynyň ösüşi, olaryň kämilleşdirlmegi we nesilden nesle geçmegi – munuň özi, şol sanda milli özboluşlylygy görkezýän ýagdaýdyr. Dutardyr gyjak sazlaryny diňläp görüň. Olaryň owazy dessanlaryň her hili röwüşlerine we setirlerine kybapdyr... Olardan türkmen tebigatynyň owazlary: dag etek düzleri...
ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady. Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr. Du...
OWGANYSTANDA TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Konsullygynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we onuň türkmen-owgan gatnaşyklaryndaky oňyn täsiri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň işine türkmen diplomatlary, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasyndaky Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri, Hyrat welaýatynyň hä...
В ТУРКМЕНИСТАН ПРИБЫЛА ПЕРВАЯ ПАРТИЯ АВТОБУСОВ HYUNDAI НОВОЙ МОДИФИКАЦИИ
38 автобусов марки All New Super Aero City от компании Hyundai (Республика Корея) доставлены в Международный морской порт Туркменбаши и после разгрузки направлены в Ашхабад. Это первая партия внутригородского транспорта, прибывшая в страну в соответствии с контрактом на поставку 400 автобусов данной модификации, заключённого в марте этого года между корпорацией Hyundai и агентством «Türkmenawtoulaglary». Известный автопроизводитель сотрудничает с Туркменистаном с 2008 года. За это время автоб...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANDA PASPORT ULGAMYNYŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK HAKYNDA
?Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipelerini Türkmenistanyň içe...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi. Milli Liderimiz ir bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Ministrler Kabinetiniň Ba...