SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus işewürliginiň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ÇALYK HOLDING” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazturbinaly energiýa desgalarynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglyk we köptaraplaýyn işinde üstü...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW NGIZT-DE TÄZE DESGALARYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giň görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürýän d...
RESMI HABAR
“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 1547-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmegiň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara toparyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek m...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY GORAMAK BARADA KONWENSIÝASYNYŇ TARAPLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň işgärleri ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak barada Konwensiýasyna gatnaşýan döwletleriň Baş Assambleýasynyň 8-nji mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň serişdelerini ulanmak, adatdan daşary ýagdaýlarda maddy däl medeni mirasy goramak, Konwensiýany ýerine ýetirmek boýunça Dessin gollanmanyň düzgünlerine täzeden garamak we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki mejlisiň çäklerinde ÝuNE...
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ TÄZE KITABY BILEN TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, alymlar, diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň açylyşynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çyk...
TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULY KASPI DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew general-admiral F. M. Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna baryp gördi, ol bu ýerde institutyň direktory Olga Kartaşowa bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň, şol sanda Türkmenistan üçin bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garadylar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Olga Kartaşowa türkmen hal...