SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Hazar deňzi institutynyň wekilleri «Ýaşyl ykdysadyýet» we COVID-19 pandemiýasy: täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» atly halkara onlaýn maslahata gatnaşdylar. Bu çäre BMG-niň söwda we ösüş baradaky Konferensiýasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, BMG-niň okuwlar we barlaglar baradaky instituty tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde her ýylyň 8-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä ummanlar gününiň hem-de oňa gabatlanylan dünýä ummanlary hepdeliginiň öň ý...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA AWTOULAGSYZ GÜNÜŇ EKOLOGIÝA NETIJELERI JEMLENILDI
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz...
TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde milli derejede kabul edilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda işleýän d...
DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ HÖKÜMETINIŇ AGZASY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň agzasy – Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen işjeň häsiýete eýe...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa departamentiniň direktory F.Mondoloni ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikle...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň baş redaktory Annamyrat Çaryýewiç Geldyýew bu teleýaýlymyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saparguly Muhammetgurbanowiç Öwezberdiýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi. http:...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi. Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar...