SOŇKY HABARLAR
KONSERWATORIÝANYŇ TALYPLARY MEŞHUR JAZZ ESERLERINI ÝERINE ÝETIRDILER
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda Jazz žanryndaky sazlaryň konserti body. Jaz-bend döretmek pikiri üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dördünji ýyl talyby Baba Muhammedowyň (saksofon, klarnet) kellesine geldi, ol köpden bäri köňlünden göterip ýören arzuwyny ýoldaşlary Ilgiz Galimowa (saksofon, klarnet) we Kakageldi Gurbanmyradowa (urlup çalynýan saz gurallary) aýtdy. Oglanlar ony goldadylar we topara dördünji birini – fleýtaçy Selbi Annagurba...
MILLI LIDERIMIZ BERDIMUHAMET ANNAÝEW ADYNDAKY HARBY MEKDEBE ÝADYGÄRLIK GYMMATLYKLARY GOWŞURDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi. Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň — milli Liderimiziň atasynyň — edermen söweşijiniň hem-de ussat mugallymyň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyz...
KHBS ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan yla...
BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI KEŞBI — DÜNÝÄNIŇ FOTOSURATÇYLARYNYŇ IŞLERINDE
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri,...
TÄZE NEŞIRLER: BITARAPLYK DEREJESI DURMUŞ-YKDYSADY NUKDAÝNAZARDAN
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda h...
SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ AGZALARYNYŇ UMUMY ÝYGNAGY
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy. Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini h...
ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ TAÝÝARLYK TOPARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat...