RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Maý

TÜRKMEN-EÝRAN GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNDA DESGALARYŇ GURULMAGY BILEN BAGLY IŞLER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
30 Maý

KIRIŞLI SAZ GURALLARY ORKESTRINIŇ ZEHINLI SAZANDALARY: GÜÝÇLI USSATLAR WE IDEÝALAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy. Tahyr Ataýewiň topary üçin maý aýynyň ahyry şanly waka bilen baglanşykly. Iki ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylda hut şu sahnada orkestri döredilen güni bilen gutlapdylar. Gysga wagtyň içinde orkestr tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp ýetişdi. Tahyr Ataýew üstünligiň gözbaşyny üç ýagdaý – türkmen tomaşaçylarynyň nusgawy sazlara höwesiniň artmagy,...

DOWAMY
pic
30 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 67-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93 («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar R...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMENISTANA SÖÝGI BILEN: AŞGABATDA KONSTANTIN BATAŞOWYŇ, IGOR PINHASOWYŇ WE MERDAN BÄŞIMOWYŇ ESERLERI ÇALYNDY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi zalynda kamera sazlarynyň agşamy şowly geçdi, konsertde Konstantin Bataşowyň «Türkmen sýuitasy», Igor Pinhasowyň «Dramatika» hem-de Merdan Bäşimowyň «Sediý Marisýa» we «Howsala» eserleri ýaňlandy. Türkmenistana bagyşlanan eserleri TMK-nyň talyplary we mugallymlary ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar olaryň her çykyşyny gyzgyn garşyladylar. Bu konserti geçirmek ideýasynyň awtory we...

DOWAMY
pic
29 Maý

RESMI HABAR

?Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylan...

DOWAMY
pic
29 Maý

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de ygtybarly azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk önümçiliginde ek...

DOWAMY
pic
29 Maý

RESMI HABAR

Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdelerini...

DOWAMY