SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün, 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY WAJYP MESELELERIŇ BIRNÄÇESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmeg...
БЕРДЫМУРАД БЕРДЫЕВ: ТАЛАНТ ЛЮБИТЬ ИСКУССТВО В СЕБЕ
Воскресным вечером в театре «АртИст» состоялся творческий вечер неординарного музыканта Бердымурада Бердыева. Про таких как он, людей, ярко одарённых и наделённых талантом следовать мечте, говорят: Self-made Men (Человек, сделавший себя сам). Я бы добавила: Человек, который открыл Искусство в себе, а себя - для Искусства. Бердымурад начал диалог со слушателями с песни, погрузившей зал в атмосферу приятных встреч и удивительных открытий, - «А я еду за туманом» на музыку итальянского композитор...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda şähergurluşygy boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy. Döwlet Baştutany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigin...
DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HAT GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, Amerikanyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda oňyn hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini goldaýaryn. Biziň döwletlerimiziň, işewür toparla...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn ald...