SOŇKY HABARLAR
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ TÄZE KITABY BILEN TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, alymlar, diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň açylyşynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çyk...
TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULY KASPI DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew general-admiral F. M. Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna baryp gördi, ol bu ýerde institutyň direktory Olga Kartaşowa bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň, şol sanda Türkmenistan üçin bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garadylar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Olga Kartaşowa türkmen hal...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE OBA HOJALYK TEHNIKALARYNY SYNLADY WE PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowşan pagta ýygyjy tehnikalaryny synlady hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ark...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekil...
ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA TOPARYŇ GEPLEŞIKLERINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar. Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we...
DAŞOGUZ WELAÝATY PAGTA ÝYGYMYNA TAÝÝAR
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 16-njy sentýabrda başlanýan pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk tamamlandy. «Daşoguzpagta» Önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň onusynda zerur abatlaýyş we sazlaýyş işleri geçirilip, olar möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem kabul ediş nokatlaryny 43-si we tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýan laboratoriýalar gije-gündiziň dowamynda işlemäge taýýarlanyldy. Zerur taýýarlyk işleri Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň düzümi...
OWGANYSTAN-TÜRKMENISTAN- AZERBAÝJAN UGRY BOÝUNÇA ÝÜK DAŞAMAGYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üç taraplaýyn onlaýn-duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar. Duşuşygyň gün tertibine ulag-logistika işlerini amatlaşdyrmak, oňa gatnşyjylaryň ählisine deň derejeli ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça ýükleri daşa...