SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK ÝEŇŞIŇ 75 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi minnetdar nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Hut şonuň üçin hem weteranlaryň ordenleriniň, medallarynyň jaňňyrdysyndan döreýän owaza bes...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GORANMAK MINISTRINIŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi. Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin paý...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941—1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synagla...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamalarynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy we mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki meseleleri ara alny...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14256
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçe käýinç yglan edildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14256
WETERANLARA, URUŞDA WEPAT BOLANLARYŇ ÝANÝOLDAŞLARYNA WE TYLDA ZÄHMET ÇEKENLERE BEÝIK ÝEŇŞIŇ 75 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymzyzň «Mekan» Köşgünde uruş weteranlaryny we wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda olara «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Mekan» Köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen foýesinde şanly sene mynasybetli söweş meýdanlarynda görk...