SOŇKY HABARLAR
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwreba...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI WE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar...
TELEKEÇILIGE DÖWLET GOLDAWY BAZAR YKDYSADYÝETINI ÖSDÜRMEGIŇ ŞERTIDIR
Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi. Milli Liderimiz telekeçilige goldaw bermegiň içerki syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini tassyklap, anyk maksatlary öňde goýdy. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we onda hususyýetçilik pudagynyň...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÜRKMENISTANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERINI GOLDAÝAR
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we Ç.Aýdarbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. T...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI BIRINJI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ug...
DYNÇ ALYŞ ZOLAGY WE WETLAND-SEÝILGÄH: «ALTYN KÖLÜŇ» GELJEGINE ALYMYŇ GARAÝŞY
Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky «Altyn köle» baryp gördi, eýýäm 15-nji iýunda bolsa döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda dynç alyş düzüminiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Kölüň töweregindäki ýerleri tapgyrlaýyn köpugurly döwrebap dynç alyş zolagyna öwürmegiň barşynda kottejler, söwda merkezleri, ýaht-klub, myhmanhanalar, fitnes-zallar, ýapyk we açyk howdanlar, restoranlar, çagalar oýunlary meýdançalary,...