SOŇKY HABARLAR
ILATYŇ SAGLYGYNYŇ BÄHBIDINE: ÖŇÜNI ALYŞ WE GORAG ÇÄRELERI
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Häzir tutuş adamzatda uly alada döredýän ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çäginde ýaýramagynyň öňüni a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ZÄHMET RUGSADY WAGTYNDA BALYK TUTMAK BILEN MEŞGULLANDY
Şu gün dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkidilmegine bolşy ýaly, onuň ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Daşky gurşawy...
BSGG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA BOLAN SAPARYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BSGG ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni Katrin Smolwud missiýa baştutanlyk etdi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ BILERMENLERINIŇ SAPARYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň jemleri we hyzmatdaşlygyň geljekki wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň weki...
GURLUŞYK PUDAGYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary M.Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy I.Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boý...
“HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI” HALKARA ULAG GEÇELGESINI IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERI RUMYN TARAPY BILEN ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly rumyn tarapy bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Türkmen logistika Assosiasiýasynyň”, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri he...
ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ ŞALYÇYLARY ÝOKARY HASYL ALMAGY GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
Amyderýa jülgesiniň şaly atyzlary al-ýaşyl öwsüp otyr. Lebap welaýatynyň ekarançylary güýzlik galladan boşan meýdanlara bu gymmatly azyklyk ekini amatly möhletlerde ekdiler. Şu günler ekine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler geçirilýär. Türkmenistanda iň iri şaly ýetişdiriji gündogar sebitde bu ekin 10 müň gektardan gowrak meýdana ekildi. Bu ýerde şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan we ýokary hasyllylygy, şeýle hem ajap tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» we «Flagman» so...