SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirme...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing 777-200F» kysymly ýük howa gämisini satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Airсraft Finanсe...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Pre...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14452
TÜRKMEN ARHEOLOGLARY ÝAZKY MÖWSÜMLEÝIN IŞLERIŇ JEMINI JEMLEDILER
?Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi. Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa golaýda tamamlanan möwsümiň jemleri barada hasabat berildi. Munuň özi bu taslamanyň wajyp derejesine...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek baradaky teklipl...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralar...