TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlara garaldy we kabul edildi.

Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, deputatlar “Notariat we notarial işi hakynda”, “Sirk we sirk sungaty hakynda”, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda”, “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda”, “Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

“Notariat we notarial işi hakynda” resminama ara alnyp maslahatlaşylanda, bu Kanunyň taslamasynyň notariat we notarial işiň guramaçylyk, hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, Türkmenistanda notarial işi amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýändigi bellenildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

“Sirk we sirk sungaty hakynda” Kanunyň taslamasy hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi, sirk sungaty hem onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu Kanunyň taslamasynda sirk we sirk sungatynda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary kesgitlenilýär, sirk eserlerini döretmek hem-de olary köpçülige görkezmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär, sirkleriň işiniň hukuk binýady hem-de ony döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenilýär. Şeýle-de ol raýatlaryň estetik taýdan terbiýelenilmegine, olaryň sirk sungatyna bolan döredijilik islegleriniň kanagatlandyrylmagyna we bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilendir.

“Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bu kanunçylyk namasynyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, sebitleriň häkimlikleriniň işjeň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanandygy hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işlerini giňeltmek, olaryň hukuk binýatlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek, döwlet häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda möhümdigi bellenildi.

Çykyş edenler “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu Kanun taslamasy hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. “Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmeginiň ylym we bilim ugry boýunça halkara hukuk binýadynyň berkidilmegine gönükdirilendigini bellediler, şunda ýokary bilimiň parahatçylygy, özara düşünişmegi, özara hormat goýmagy, halklaryň hem-de ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyny kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, deputatlar “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Goranmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar. Bu Kanunlaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda kämilleşdirilmegi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş ulgamlaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Maslahatda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiniň meseleleri hakynda” Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna hem garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň özgerdilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmekde, şäherleşmek derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi durmuş-ykdysady ösüşiň esasy görkezijileridir. Çykyş edenler bu karar taýýarlanylanda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen mejlisde öňde goýlan möhüm wezipeleriň hasaba alnandygyny bellediler.

Mejlisiň degişli karary döwletimiziň dolandyryş-çäk gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleriniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Mejlisiň deputatlary bu ugurda geçirilýän işleriň ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar şu günki ara alnyp maslahatlaşylan we kabul edilen hukuk namalarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamlarynyň üstüni doldurmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli durmuş ulgamlarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty (turkmenistan.gov.tm)