SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY 2019» ATLY XXIV HALKARA SERGISI WE MASLAHATY (OGT 2019)
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir. Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...
ER-RIÝADDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi. Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden d...
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2019» ATLY XXIV HALKARA SERGÄ WE MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň işine üstünlikleri arzuw edýärin! Gadyrly dostlar! Eziz watandaşlar! Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklar...
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2019» ATLY XXIV HALKARA SERGI WE MASLAHAT
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Olaryň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygy öňe ilerletmekden ybaratdyr. «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarap...
AHAL WELAÝATYNDA BMG-NIŇ GÜNI MYNASYBETLI TALYPLARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. BMG-niň güni mynasybetli geçirilen bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar...
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy. Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan d...