SOŇKY HABARLAR
SAZA BAGYŞLANÝAR: NUSGAWY ESERLER WE ÝBÖRELGELER
Halkara saz güni bolan 1-nji oktýabrda her ýurtda, her şäherde Onuň Alyhezreti Saza bagyşlanma-konsertler geçirilýär, bu jadyly sungat üçin üçin serhet-de ýok, oňa düşünmek üçin dilem gerek däl, ol diňleýjileriň aňyna we ýüregine täsir edip, dünýäni has gözel, sypaýy, köpgyraňly edýär. Şol gün Aşgabatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalyna döredijilik ýokary mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň ýerine ýetirmeginde meşhur kompozitorlaryň eserlerini diňlemek üçin saz muşdaklary ýygna...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ GURLUŞYK MEÝDANÇALARYNDAKY IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalara tarap ugrady. Döwl...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty - London şäherine iş sapary bilen bardylar. Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet h...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ANNANEPESOW M.N. HAKYNDA
Annanepesow Mergennepes Nurnepesowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri, garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY MULIKOW I.H. HAKYNDA
Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serker...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY M.B.ÇAKYÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: Polisiýanyň polkownigi Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.