SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN — BAE: DOGANLYK WE NETIJELI HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARY
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BAE-niň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halifa» binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metrlik binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly hem-de aýdyň alamaty boldy. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr....
MILLI LIDERIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç etdi. Bu ýerde milli Liderimiz bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy. Horma...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt BAE-den we Türkiýeden gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. «Türkmensenagat eksport-import» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamidi bols...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDA BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY
Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi. Şu baýramçylyk günlerinde Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän atçylyk sport toplumyna, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň do...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMÇYLYGY BAE-DE HEM BELLENILDI
2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokar...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandyg...