SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Şu gün ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň yglan edilen güni türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan bimöçber söýgini alamatlandyrýan milli baýram bolup durýar. Taryhyň dowamynda...
FOTOREPORTAŽ: TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI DABARALAR
Türkmenistanda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Aşgabadyň baş meýdançasynda geçirilen harby ýörüş, şeýle hem «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň, sahna ussatlarynyň, belli aýdymçylaryň we tansçylar toparlarynyň çykyşlary baýramçylygya aýratyn röwüş çaýdy. Baýramçylyk ýörüşine hormatly il ýaşulylary, jemgyçetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň sebitleriniň hemmesiniň w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «NATA HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýetip gelen baýramçylyk — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de milli Liderimize we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de täze taryhy döwürde ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Işewür «NATA Holding...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp hem-de duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän umumymilli baýram—Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «INTERBUDMONTAŽ» ASSOSIASIÝASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň şanly senesi – ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünliklerini alamatlandyrýan Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Watany...
FILIPPO GRANDI: TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA 863 ADAMYŇ KABUL EDILMEGI BARADAKY ÇÖZGÜT HALKARA DEREJESINDE YKRAR EDILMEGINE MYNASYPDYR
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we ählumumy derejede raýatsyzlyk meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. 2011-nji ýyldan soň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 8800-e golaýyna raýatlygyň berilmegi hem-de Siziň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky hereketleriň Milli meýilnamasyny makullamagyňyz Siziň bu meseläni çözmäge ygrarlydygyňyza...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ALTKOMYŇ» DIREKTORLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de düýn geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy bilen gutlady. Milli Liderimiz ukrainaly işewüri mübärekläp, gutlaglar üçin minnetdarlyk bildi...