SOŇKY HABARLAR
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden wagtlaýyn boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Joşmyrat Aşyrmyradowiç Sedekowyň üstüne ýüklenildi.
RESMI HABAR
Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi ge...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem käbir guramaçylyk meseleleri bilen bagly wezipeler girizildi....
TÜRKMEN IŞEWÜRLERI GAWUNY AWSTRIÝA EKSPORT ETMÄGE GIRIŞDILER
Indi Wenanyň ýaşaýjylary hem süýji, şireli we hoşboý ysly türkmen gawunlaryna mynasyp baha berip bilerler. Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi. «Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan güneşli türkmen topragynyň bu nygmaty «Volvo» kysym...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...
TÜRKMENISTAN BILEN MAROKKO PATYŞALYGY KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINE YGRARLYDYGYNY BELLEDILER
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXII MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy, şeýle hem bu milli baýrama bagyşlanan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk güni döwletimiziň berkararlygyny we kuwwatlylygyny, jebisligimizi hem-de agzybirligimizi alamatlandyrýan, ýokary watansöýüjilik ruhuny döredýän milli baýramd...