SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar, şeýle hem 25-nji...
BILIM ARKALY BEÝIK GELJEK DÖREDILÝÄR
Şu gün Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy giňden we dabaraly ýagdaýda baýram edildi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaňlanan mekdep jaňlary okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Düýn bolsa Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda köpçülikleýin dabaralar, agşamara paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde konsert hem-de tapawutlanan mugallymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy boldy. Aşgabadyň mekdep...
MAGTYMGULY-PYRAGY ADYNDAKY (ASTRAHAN WELAÝATY) WE A.S.PUŞKIN ADYNDAKY (AŞGABAT Ş.) MEKDEPLERIŇ ARASYNDA ILKINJI WIDEO-KÖPRI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adam...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetmyradow Ýazmyrat Muhammetmyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Amanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARYNA, TALYP ÝAŞLARYNA, MUGALLYMLARYNA WE BILIM IŞGÄRLERINE
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriban...
ART-BAZARDA YLHAM BILEN ÜÝTGEŞIK TÄZELIKLER UTGAŞÝAR
?Bagtyýarlyk» Söwda-dynç alyş merkezi bu ýerde art-bazar geçirilende göz-görtele özgerýär. Bu ýere gelýän mähelläniň arasynda ululardyr kiçilerem, oýa batyp ýörenmidir alňasaklar-da, alçaklar hem salykatlylaram, mahlasy, bir-birine asla meňzemeýänler bar, ýöne olaryň baryny biziň estetiki dünýägaraýşymyzyň çägini giňeldýän zehinli adamlaryň eserlerine özboluşly isleg birleşdirýär. Art-bazarlaryň muşdaklary barha artýar. Öz döreden işlerini köplüge hödürleýänleriň sany 150-ä ýetýär. Akkordeonç...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndüril...