SOŇKY HABARLAR
«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen aýdymçy ýaşlarynyň bu döredijilik bäsleşigini Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi gurady. Ýygna...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş, zehinli aýdymçy ýaşlaryň arasyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýy...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖWESJEŇ AÝDYMÇY ÝAŞLARYŇ TELEBÄSLEŞIGINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI
Berkarar döwletimiziň aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Mähriban ýaşlar! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze aýdym-sazlar bilen barha kämilleşýän sungat äleminde size döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzdan joşup çykýan zehiniňiziň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişe...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezident...
GURBANGULY HOJAGULYÝEWIŇ ZÜMERRET MANZARLARY
Çeperçilik sungaty muzeýinde Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy, şu günler 65 ýaş toýuny belleýän Gurbanguly Hojagulyýewiň işleriniň sergisi açyldy. Ol žiwopis muşdaklarynyň gowy bilýän, ýygy-ýygydan sergilerde görkezilýän «Änew» atly suratyň awtorydyr. Nakgaş onuň ýordumynda iň gadymy ekarançylyk medeniýetiniň ojaklarynyň biri diýlip ykrar edilen topragyň geçmişini we şu gününi birleşdiripdir. Bulutlary deşip geçen Gün şöhlesine öwşün atyp ygşyldap ýatan galla meýdany dowamat dowamlylygyň nyşany...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Geldyýewiç Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi.