SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwanç Ýegenmyradowiç Baýramdurdyýew Türkmenistanyň Telewideniýe...
ALYMLAR TÜRKMEN KÖLÜNIŇ ULGAMYNYŇ EKOLOGIÝA KARTASYNY DÜZDILER
TYA-nyň Himiýa institutynyň hünärmenleri Altyn asyr Türkmen kölüniň zeýkeş-zeýakaba suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglaryny tamamladylar. Biotiki ýagdaýlar we ulanylan suwlaryň duzlulygy baradaky maglumatlaryň esasynda ekologiýa kartalary düzüler, olar gurak ýerlerde ekarançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin çedlgi bolar. Himiýa we daşky gurşawyň ekologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Çary Kulyýewiň aýtmagyna görä, bu iş tutuş dünýäde suw ýetmezciligi bilen baglanşyklydyr we su...
AWTOBUS PETEKLERINIŇ ONLAÝN SATUWY GURNALDY
Indi şäherara awtobuslaryna petegi kassadan, ykjam telefondan ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş terminalyndan alyp bolar. Aşgabadyň ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigi we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy awtomenzil.gov.tm saýtynda awtobus peteklerini satyn almak üçin onlaýyn hyzmaty ornaşdyrdylar. Gitmezden on gün öň onlaýn-petekleri satyn almak diňe bir oňaýly bolman, eýsem aşa aňsatdyr. Jemgyýetçilik ýerlerinde – şäher awtowokzallarynda, bazarlarda, söwda merkezle...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMUNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUNY GURADY
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar y...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.