img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Maý

PROFESSOR ELDAR RUSTAMOW YLMY IŞE BAŞLAMAGYNYŇ 50 ÝYLLYGYNY BELLEDI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetinde ömrüni bioköpdürlüligi öwrenmek ylmyna bagş eden zoolog, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Anwerowiç Rustamow bilen duşuşyk geçirildi. Alym golaýda Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan gaýdyp geldi. Ylmy saparyň netijeleri we üýtgeşik maglumatlar talyplar zoologiýa gurnagynyň agzalary bilen duşuşygyň esasy temasy boldy. - Saparyň dowamynda Garagum endemiklerine: çürçürä, diňe Günorta we Merkezi Garagu...

DOWAMY
pic
26 Maý

ÇEPER ELLI HALYÇYLARYMYZA, ÝURDUMYZYŇ ÄHLI HALKYNA, ŞEÝLE HEM «DÜNÝÄNIŇ BEZEGI TÜRKMEN HALYSY» ATLY HALKARA SERGÄ WE TÜRKMEN HALYŞYNASLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ JEMGYÝETINIŇ 19-NJY MEJLISINE GATNAŞYJYLARA

Hormatly myhmanlar!  Çeper elli mähriban halyçylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gözelligi we nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen...

DOWAMY
pic
26 Maý

BÄŞIM NURALY ADYNDAKY ÇEPERÇILIK MEKDEBINIŇ UÇURYMLARYNYŇ IŞLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Aşgabadyň Başim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň howlusynda şu günler Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan işleriň sergisi görkezilýär. Olaryň awtorlary – mekdebiň 2019-njy ýyldaky uçurymlarydyr. Geljegini şekillendiriş sungaty bilen baglamajak ýentginjekler üçin bu sergi olaryň soňky—diplom işleridi. Emma çeperçilik ugrundan bilimini dowam etmegi niýet edinen oglanjyklardyr gyzjagazlaryň hem mekdebi terk edesi gelmeýärdi.  2019-njy ýylyň uçurymlarynyň her biri “Ak şäherim - Aşgab...

DOWAMY
pic
26 Maý

«GRAND PRI PARIŽ» ÝARYŞYNDA SAMBO BOÝUNÇA USSATLARYŇ ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞY

2019-njy ýylyň 24 — 26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi. Hatarynda on ýedi türgen, üç tälimçi we bir emin bolan Türkmenistanyň wekilçilikli topary dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurdumyza dolanyp geldi. Sambo boýunça ýaryşlarda türkmenistanly türgenler iň ýokary gymmatlygy bolan baýraklaryň bäşisini eýeläp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. 64 kilog...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMEN HALYŞYNASLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ JEMGYÝETINIŇ XIX MEJLISI WE HALKARA SERGI

Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk baýramçylygy türkmenistanlylaryň öçmejek taryhy gymmatlyklaryna, özboluşly däplerine hem-de ata-babalarymyzyň wesýetler...

DOWAMY
pic
25 Maý

«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KÖPUGURLY SERGI GEÇIRILDI

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabat şäheriniň keşbinde öz beýanyny tapan özgert...

DOWAMY
pic
25 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan...

DOWAMY