SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine: Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» we Şweýsariýa Konfed...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň başarnyklary...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda onuň ýolbaşçylyk edýän «Bharatiýa janata parti» (BJP) partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli mähirli gutlagyny ýollady. Milli Liderimiz gutlagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin geljekde hem berk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Joko Widodä Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw e...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ PAÝTAGTYMYZY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäg...