img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Iýun

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. ...

DOWAMY
pic
12 Iýun

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.Aşirow hakynda Allaberdy Aşirowy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesine bellemeli.  Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow.  Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.

DOWAMY
pic
12 Iýun

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.  Bilim ministrligine institut bilen b...

DOWAMY
pic
12 Iýun

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.A.Kuliýew hakynda Nurnepes Annaýewiç Kuliýewi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory wezipesine bellemeli.  Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow.  Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.

DOWAMY
pic
12 Iýun

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu institutyň gurluşy tassyklanyldy.  Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:  — institut bilen bilelikde Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;  — Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünär ugurlary boýunça...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTYNY DÖRETMEK HAKYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmeli.  2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň g...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, gazak Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşn...

DOWAMY