img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULLYGYNYŇ KUBOGY UGRUNDA FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy (RF) Russiýanyň, Tunisiň, Günorta Afrika ýurtlarynyň we beýleki ýurtlaryň ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Türkmenistanyň toparynyň hatarynda Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar çykyş etdiler. Türkmenistanyň Konsullygynyň Kubogy ugrundaky ýaryş Astrahanyň merkezi stadionynda geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçen bäsleşikde ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän toparlara, şeýle hem “Iň gowy o...

DOWAMY
pic
22 Apr

NAKGAŞ ALEKSANDR KAŞIRSKIÝ: GEÇMIŞE SYÝAHAT

Awtorlyk sergisine barýanlaryň köpüsinde ol ýerde goýlan eserlere syn edenlerde nakgaşyň nähili adamdygy barada pikir hyýalyna gelýärmikä diýýärin... Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde işleri görkezilýän Aleksandr Kaşirskiý dogduk Aşgabadyny ýürekden söýýän adam, ol öz eserlerinde ýaşlyk döwrüniň şäheriniň köçejikleridir şaýollarynyň ýakymyny ýada salyp, geçmişe syýahat etmäge çagyrýar. Aleksandr Kaşirskiniň döredijiligine dürlüçe düşünmeli. Ünsüňi özüne çekýän suratlaryň ýordumy çylşyrymly bolup...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  Döwlet Baştutanym...

DOWAMY
pic
22 Apr

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň hal...

DOWAMY
pic
21 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PARIŽDÄKI WEKILHANASY FUTBOL BOÝUNÇA ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNY GEÇIRDI

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol oýnuny gurady. Ol ýurdumyzda däp bolup galan köpçülikleýin-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy. Ýoldaşlyk duşuşygy dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşyk tamamlanandan soň oýna gatnaşanlaryň iň ýaşyna we ýaşulysyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

DOWAMY