SOŇKY HABARLAR
MAÝ AÝYNDA GEÇIRILJEK HALKARA ÇÄRELER WE ÝURDUMYZA GELJEK ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETLER
Şu günki Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çärelere we ýurdumyza geljek ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejl...
TÜRKMENISTAN SEBIT YKDYSADY BIRLEŞMESINE AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
Şu günki Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň söwda ugry boýunça sebitleýin tehniki kömek taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy barada hasabat berdi. 2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyrylmagy bellenilen bu taslamanyň esasy maksady...
RESMI HABAR
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup,...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn günlerde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bagly köp sanly möhüm çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly janköýerlerine ajaýyp s...
TÜRKMEN TÜRGENLERI ÝEWROPA ÇEMPIONATYNDA MEDALLARA MYNASYP BOLDULAR
Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň barşynda gowy çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler we baýrakly orunlary eýelediler. 6-njy synp okuwçysy Seýdulla Akmämmedow 45 kilogram agram derejesinde,10-njy synp okuwçysy Sapar Amangeldiýew (50 kg),...
AZIÝA ÇEMPIONATYNDA BOKSÇYMYZ BÜRÜNÇ MEDALY ALDY
Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edýän, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky «Olimp» orta sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 3-nji orny...