img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Ýan

INDI DEMIR ÝOL PETEKLERINI POÇTA BÖLÜMLERINDEN HEM SATYN ALYP BOLÝAR

“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy paýtagyň ilaty üçin hyzmatyň täze görnüşini girizdi. Şu ýyldan Aşgabadyň aragatnaşyk bölümlerinden ähli ugurlar boýunça demir ýol ulaglaryna petek alyp bolýar. Petekler Parahat-1 etrapçasynda 57-nji öýde ýerleşýän 17-nji, Magtymguly şaýolunyň 144-nji öýündäki 20-nji we B. Annanow köçesiniň 35-nji jaýyndaky 35-nji poçta bölümlerinde satylýar. Häzirki wagtda bu hyzmaty welaýatlarda ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Geçen ýyly ahyry...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTANDA KALSIT ÖNÜMÇILIGI ÝOLA GOÝULAR

Wise-premýer M.Çakyýew, Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, tejribe-synag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önüminiň alnandygyny habar berdi. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer. Şunuň bi...

DOWAMY
pic
18 Ýan

DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TELEKEÇILERI ET-SÜÝT ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRMAK BOÝUNÇA TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRÝÄRLER

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda gara mallaryň 1200-sini saklamaga niýetlenen maldarçylyk fermasy gurulýar. Ony “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti gurýar, oňa şu maksatlar üçin döwlet tarapyndan uzak möhletleýin peýdalanmaga 600 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda sygyrlaryň 384-sini saklamaga niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şeýle hem önümçilige gözegçilik üçin bina guruldy. 100 tonna süýt we 300 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy ýörüteleşdi...

DOWAMY
pic
18 Ýan

ŽIWOPIS ESERLERINDE WATAN ROWAÇLYGY WASP EDILÝÄR

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde gurnalan tematiki sergi Watan temasyna bagyşlandy. Berdisähet Gurbansähedowyň “Çöl” atly suratynda buýsançly laçyn kuwwatly ganatlaryny ýaýyp çöl üstünde gaýyp ýör. Awtoryň pikirine görä, diňe düşünmeýänler çöl jansyzdyr we üýtgewsiz birboluşlydyr öýdýärler. Muňa subutnama hökmünde beýleki bir işinde elguşyň towşan awlaýşyny suratlandyrýar. Ýyrtyjy guşdan çalt gaçyp barýan towşan arçajyk şekilli yz galdyrypdyr. Olaryň haýsysynyňkynyň şowlandygyny welin nakgaş beýan...

DOWAMY
pic
18 Ýan

LEBAP WELAÝATYNYŇ HALAÇ ETRABYNYŇ ÇÄKLERINDE UMUMY MEÝDANY 58,7 INEDÖRDÜL KILOMETRE DEŇ BOLAN ÝERASTY SUW ÝATAGY TAPYLDY

Mejlisiň dowamynda wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpj...

DOWAMY
pic
17 Ýan

BELARUS RESPUBLIKASYNDA OKAÝAN TÜRKMEN TALYPLARY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Minsk şäheriniň döwlet Lingwistiki uniwersitetinde Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogiki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşygyň işine 2019-njy ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda Belarus Respublikasynda iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasaryndan we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktoryndan d...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.  Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideokonferensiýa Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi, Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi, Mary welaýatynyň häkimi D...

DOWAMY