img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...

DOWAMY
pic
17 Ýan

KOMPOZITOR NURY MUHADOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ ŞANLY SENESINE

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor, dirižýor, milli konserwatoriýanyň professory we jemgyýetçilik işgäri Nury Muhadow döredijilik işine geçen asyryň 50-nji ýyllarynda başlapdy. Ol diri gezip ýörenliginde şu ýylyň 18-nji ýanwarda 95 ýaşardy... Zehinli kompozitor “Keýmir kör” operasany, kompozitor Matweý Rawiç bilen bilelikde “Täsin tebip” baletini, “Mollanepes” simfoniki poemasyny, simfoniki, wokal-simfoniki, kamera-instrumental we kamera-wokal...

DOWAMY
pic
17 Ýan

MAÝA GOÝUM — TÜRKMENISTANYŇ INNOWASIÝA YKDYSADYÝETINI ÖSDÜRMEGIŇ ESASY ŞERTI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. ...

DOWAMY
pic
17 Ýan

AŞGABAT-TÜRKMENABAT AWTOBANY GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny TSTB-niň agzalary bolan «Altyn Nesil», «Hyzmat Merkezi», «Oguz Ýol», «Nusaý Ýollary» telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurar.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, strategiýa taýdan möhüm ýokary tizlikli ýol 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda üç tapgyrda: Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen –...

DOWAMY
pic
17 Ýan

PAÝTAGTYŇ GÜNBATARYNDA ÇALT DEPGINLERDE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMY KEMALA GETIRILÝÄR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň potratçy guramalary hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň edaralary paýtagty gurmagyň 16-njy tapgyrynyň gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýarlar. «Nusaý yollary» hususy kärhanasynyň işgärleri 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde montaž işlerini tamamladylar. Telekeçiler on aýda 72 öýli jaýyň bütewi karkasyny taýýarladylar. “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň işgärleri-de 12 gatly jaýlaryň ýene ikisiniň diwarlaryny bellenen belentlige...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümrük gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-niň arasyndak...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzy hemmetaraplaý...

DOWAMY