SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA VI HAZAR SAMMITINI WE 2019-NJY ÝYLDA I HAZAR YKDYSADY FORUMYNY GEÇIRMEK ÜÇIN GURAMAÇYLYK KOMITETI DÖREDILER
Şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň barşynda kabul edilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy. Kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň...
ÜSTAŞYR WE ULAG HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN TOPARY DÖREDILER
Şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk boldy, şonuň barşynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek hakynda teklip beýan edildi....
RESMI HABAR
Şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, senagat toplumynyň edara-kärhanalaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýerli çig maly netijeli peýdalanmak bo...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlis...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mohammad Humaýun Kaýuminiň belleýşi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýärler. Bu strategi...
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMENISTANYŇ TOPARYNYŇ ILKINJI MEDALLARY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar. Türkmen türgeni başda 75 kilogram agramlygy ynamly götermegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, onuň tailandly bäsdeşleri ozal sargyt eden 80 kilograma derek agramlyklary 76 we 77 kilograma çenli azaltdylar we olary götermegi başardylar. Ikinji we üçünji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 79 kilogr...