SOŇKY HABARLAR
BALKANABATDA “PARFIÝA GURLUŞYK” HK-NYŇ ÖNÜMLERINE ULY ISLEG BILDIRILÝÄR
Balkanabatda “Parfiýa Gurluşyk” hususy kärhanasynyň çörek bişirilýan kärhanasynda çörek-bulka önümlerini öndürýän könweýer peçi işe girizldi, ol şäheriň söwda nokatlaryna ýurdumyzda ýetişdirilýän çig maldan 500 kilograma çenli tagamly önüm ugradýar. Ýakyn wagtda telekeçiler çörek-bulka önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we süýji önümlerini çykaryp başlamagy göz öňünde tutýarlar. Şu ýylyň sentýabrynda HK Balkanabatda aş önümlerini öndürýän kiçi zawod açdy. Önümçilik Italiýada öndürilen enjam...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AHAL WELAÝATYNYŇ DOLANDYRYŞ MERKEZINI GURMAGYŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabyna iş sapary bilen bardy, bu ýerde milli Liderimiz Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz “Gorjaw” geňeşliginiň çägine geldi, bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, bu welaýatdan saýlanan milli parlamentiň deputatlary, şeýle hem taslamalaryň degişli bolan edaralarynyň ýol...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNDA RESMI IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň...
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ KONGRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAGYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...
GOLDEN HORN BRASS TÜRK KWINTETI “ANADOLY OWAZLARY” BILEN TANYŞDYRDY
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Golden Horn Brass türkiýeli üflenip çalynýan saz gurallary kwinteti “Anadoly owazlary” konserti bilen çykyş etdi. Türkiýe Respublikasynyň Gününe bagyşlanan konserti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy guradylar. Saz toparynyň ady “Altyn surnaý” diýlip terjime edilýär, onda teatr çyralarynyň şöhlesine ýalpyldaýan latundan ýasalan üflenip çalynýan az gurallary, Stambuldaky Altyn buýnuz aýlagy bilen-de me...