RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Dek

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ «TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK GULLUGYNYŇ MALIÝE MESELELERI HAKYNDA» KARARA GOL ÇEKDI

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resmina...

DOWAMY
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASYNA «DÖWLET GURLUŞYK» HJ BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we diplomatik wekilhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1996-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda berlen ýer bölegini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegi...

DOWAMY
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASYNA «DÖWLET GURLUŞYK» HJ BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp we doganlyk täjik halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde...

DOWAMY
9 Dek

TÜRKMENISTANYŇ TELEWIDENIÝE, RADIOGEPLEŞIKLER WE KINEMATOGRAFIÝA BARADAKY DÖWLET KOMITETINIŇ MERKEZI EDARASYNYŇ GURLUŞY TASSYKLANYLDY

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Halkara habarlar merkezini açyp, komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurlu...

DOWAMY
9 Dek

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY TASSYKLANDY

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Daşary işle...

DOWAMY
9 Dek

WISE-PREMÝER R.MEREDOW «TÜRKMENISTANYŇ USSAT DIPLOMATY» DIÝEN TAPAWUTLANDYRYŞ NYŞANY BILEN SYLAGLANDYRYLDY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minist...

DOWAMY
9 Dek

MILLI SANLY TORUNY DÖRETMEGIŇ KONSEPSIÝASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ TOPARY DÖREDILDI

Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli sanly tory döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly tory döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Milli sanly toruny döretmegiň Kons...

DOWAMY