RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.  «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...

DOWAMY
6 Dek

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYTÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz...

DOWAMY
6 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimu...

DOWAMY
5 Dek

ÝOKARY OKTANLY AWTOMOBIL BENZININIŇ ÇYKARYLYŞY ÖZLEŞDIRILDI

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly AI-98 awtomobil benzininiň senagat taýdan çykarylyşy özleşdirildi, ol pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyrjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýar. Şu belgili benzin kameradaky basyşy artdymagyň hasabyna aňryçäk güýjüni görkezmäge ukyply hereketlendirijilere niýetlenen ýokary oktanly gowy ýangyçdyr. AI-98 benzini esasan 12-den 14-e çenli ýokary gysyşly awtomobil motorlarynda ulanylýar. Ýokary...

DOWAMY
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen...

DOWAMY
5 Dek

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 18 MILLION 454 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.   Bulardan başga-d...

DOWAMY
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY

2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...

DOWAMY