RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Dek

HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
2 Dek

HÖKÜMETARA TÜRKMEN-KOREÝ TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
2 Dek

TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI

Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä, ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Habarda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp, ýokarda agzalan Komitet «Türkmen keşdeçilik sungaty» hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek goldady....

DOWAMY
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HMG-NIŇ GEŇEŞINIŇ 113-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara...

DOWAMY
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Marokkonyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasy geçirilýär. Mejlise 180 gatnaşyjy ýurduň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, medeniýet edaralarynyň we dünýäniň ähli döwletlerinden beýleki gyzyklanýan taraplarynyň wekilleri gatnaşýar. Sessiýada türkmen tarapyna Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we...

DOWAMY
1 Dek

«GYZYL KÜRTE» FILMI «BASTAU» HALKARA FILM FESTIWALYNDA GÖRKEZILER

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň filmi noýabr aýynyň 29-yndan dekabr aýynyň 4-i aralygynda Gazagystanda geçiriljek talyp filmleriniň we ilkinji alnan filmleriň «Bastau» Halkara festiwalynyň bäsleşikden daşary meýilnamasyna girizildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginiň önümi bolan «Gyzyl kürte» filmi 2-nji dekabrda Almaty şäherinde görkeziler. Urşa giden söýgüli ýaryna wepaly oba gelniniň ykbaly barada gürrüň berýän filme ýakyn we uzak ýurtlaryň köpüsinde tomaşa...

DOWAMY
1 Dek

EÝRANYŇ ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň mese...

DOWAMY